28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar.
Onlaýn-söhbetdeşligiň barşynda şeýle-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredilip geçildi. Hususan-da, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan beýleki bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar biziň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna degişli bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler. Taraplar ykdysadyýetiň oba hojalyk, ulag, energetika, öňdebaryjy tehnologiýalar we daşky gurşawyň goragy ýaly ähmiýetli ulgamlarynda bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagynyň we naýbaşy tejribeleriň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.