Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň synynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tanyşdyryş çäresinde Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti döwletleri üçin «Sebitleýin ykdysadyýetiň ösüşiniň geljegi» atly mowzuk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hödürlenen synda dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyny ösdürmegiň ugurlary seljerildi hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Synda geljek ýyl üçin ösüşiň bahalarynyň üýtgemegi bilen baglylykda, HPG bu ugurda degişli çäreleri görmek maksady bilen, halkara hem-de sebit maliýe düzümleri bilen degişli işleri geçirýär.
Çäräniň barşynda hökümetler tarapyndan СOVID-19-yň milli ykdysadyýetlere täsirini azaltmak hem-de öz ýurtlarynda durnuklylygy pugtalandyrmak üçin ädýän ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.