Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) wagtlaýyn çäre hökmünde bir oýunda
çalyşýan oýunçylaryň sanyny üçden bäşe çenli köpeltmegi teklip edýär.
Habar berlişine görä, bu düzgün koronawirus pandemiýasy sebäpli ara düşen
arakesmeden soň dowam etdirilmeli çempionatlara çenli giňeldiler. Bäş oýunçy
çalşygyny girizmek karary toparlaryň galan oýunlary gysga wagtda
tamamlamalydygy bilen baglanyşykly, beýle ýagdaýda bolsa dartgynlylygyň hem-
de fiziki agramyň netijesinde oýunçylaryň täze şikes almak howpy ýokary. Bäş
oýunçy çalşygyny girizmek karary bu ýitgileri mümkin boldugyndan azaltmaga
ýardam eder.
FIFA-nyň bu teklibi heniz Halkara Futbol Assosiasiýalary Geňeşi (IFAB)
tarapyndan hem tassyklanmaly. Şeýle-de bolsa, gutarnykly karary bermek hukugy
ýaryşlary gurnaýjylaryň özünde galýar.