Daniýa Futbol Bileleşiginiň (DBU) prezidenti Jesper Möller ýurduň ýaryşy
geçirip biljekdigine ynanmaýar. Munuň sebäbini ol 2021-nji ýylyň iýul aýynyň
başynda Daniýada “Tour de France” welosiped ýaryşynyň üç basgançagynyň
boljakdygy bilen düşündirýär.
– Duşuşyklaryň geçirilmek ähtimallygy 50/50. Men netijeli ylalaşyga gelip
bilmeris diýip alada edýärin. Biz DBU-da 2021-nji ýylyň tomsunda Ýewropa
çempionatynyň 4 oýnuny geçirmäge taýyn, ýöne hyzmatdaşlarymyzyň şertsiz
goldawy bolmazdan muny edip bilmeris. Bu diňe elimizde gutarnykly
şertnamamyz bolan ýagdaýynda mümkin "-diýip, Meller belleýär.
Daniýa şu aýyň ahyryna çenli geljek ýyl Ýewro-2020-ni geçirjekdigini ýa-da
geçirmejekdigini UEFA habar bermeli.
2021-nji ýyla meýilleşdirilen Ýewro-2020 oýunlaryny geçirjek şäherleriň
sanynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli azalyp biljekdigi öň habar berlipdi. Bu
ýaryş 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda Ýewropanyň 12
şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.