Demirgazyk buzly ummany 2050-nji ýyla çenli özüniň buz örtügini ýitirer.
Beýle netije Germaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň
alymlarynyň giň toparyna degişli we olar bu baradaky işlerini "AGU" ylmy
kitaphanasynda neşir etdirdiler.
Awtorlar bu işi global ýylylygyň Arktika sebitine ýetirýän täsirine
bagyşladylar. Olar 1979-njy ýyldan bäri alnan hemra gözegçiliklerine esaslanyp,
buzuň ýagdaýynyň modelini döretdiler.
Modellemegiň netijeleri Arktikanyň 30 ýylda buz örtügini doly ýitjekdigini,
munuň ähtimallygynyň juda ýokarydygyny görkezdi. Mundan başga-da,
awtorlaryň pikiriçe, uglerod zyňyndylarynyň ep-esli azaldylmagy-da buzuň
eremeginiň haýallamagyna getirip bolup biler. Emma netije welin üýtgemez –
Arktikada buz galmaz.
Alymlar ýüze çykyp biljek netijeleriň Arktikanyň tebigatyny heläkçilige
sezewar edip biljekdigini habar berdiler. Buz – polýar aýylar we düwlenler üçin
hemişelik ýaşaýyş mekany. Şeýle hem, deňiz buzunyň özi, üstki örtüginde gün
şöhlesini yzyna serpikdirmek we Arktikany sowatmak bilen, onuň howa
ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Tomusda buzuň ýoklugy bolsa sebitiň öte
gyzmagyna sebäp bolar.