Amerikaly klimatologlar, 75 göterim ähtimallyk bilen 2020-nji ýylda
gözegçilikleriň taryhynda iň yssy boljakdygyny aýtdylar, bu çaklama Russiýanyň
Gidrometiniň ýolbaşçysy tarapyndan teswir edildi.
2020-nji ýylyň tomusy planetanyň taryhynyň iň yssy tomuslaryň bäşligine
girip biler, şeýle çaklamany Russiýanyň Gidrometeorologiýa merkeziniň ylmy
müdiri Roman Wilfand aýtdy.
Ondan öň geljek tomus bilen bagly çaklamalar ABŞ-nyň Milli Okean we
Atmosfera Dolandyryşynyň (NOAA) hünärmenleri tarapyndan öňe sürlüpdi. Olar
75 göterim ähtimallyk bilen synlamalaryň taryhynda iň yssy tomsuň boljakdygyna
99,9 göterim derejesinde baha berip, iň yssy bäşlige girmeginiň ähtimallygyna
ynanýarlar. Russiýanyň Gidrometiniň ýolbaşçysy Roman Wilfand bu çaklamany
teswirledi. Roman Wilfand, klimatologlaryň tassyklamagy bilen, geljek her
bäşýyllygyň özbaşyna rekord boljakdygyny, ýagny ortaça temperaturanyň gitdikçe
ýokarlanyp barjakdygyny ýatlatdy. Bu tendensiýa yzygiderli bäş bäşýyllyk bäri syn
edilip gelinýär. Wilfand: "Bu, global ýylylygyň häsiýetnamasy we atmosferadaky
parnik gazlarynyň düzüminiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglanyşykly" – diýip
belleýär.
Russiýanyň Gidrometiniň wekili şu tomus temperaturanyň rekord derejede
boljakdygy baradaky çaklamanyň gutarnykly däldigine garamazdan,
temperaturanyň nähili hem bolsa ýokary boljakdygynyň gürrüňsizdigini aýtdy.