Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, «Döwlet
adam üçindir» diýen ajaýyp şygaryny öňe sürdi. Şu şygar astynda durmuş ýüzünde
amal bolýan işlere bolsa, biziň her birimiz gözli şaýat bolýarys. Ine, hut şu ýylyň
başynda Gahryman Arkadagymyzyň  geçiren ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly
iş maslahatynda hem döwletimizde sanly ulgamy ösdürmäge degişli anyk
görkezmeler berildi. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli
pudaklarynyň  ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamy bazar
gatnaşyklary şertlerinde dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. Bilimiň ähli
basgançaklarynda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, bilim berlişiniň
hil  derejesiniň ýokarlandyrylmagy, öňdebaryjy innowasiýalara daýanýan bilimiň
kemala gelmegi we ösmegi döwletimiziň bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugruna
öwrüldi. Dünýäniň iň ösen ýurtlaryndan nazar alsak, sanly bilim döwletiň ösüş
depginine güýçli täsir edýär. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň
maksatlarynyň bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilmeginiň,
olaryň ýokary hilli eletron maglumatlar bilen üpjün edilmeginiň, bilim berlişiniň
hil derejesiniň talap edilýän şertlere ýetirilmeginiň esaslary, 2017-nji ýylda
hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» arkaly dolandyrylýar. Bu Konsepsiýany üç
tapgyrda durmuşa geçirmek  meýilleşdirilendir. Birinji tapgyrda «Türkmenistanda
sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» öňde goýýan maksatlaryna
laýyklykda, guramaçylyk döwri amala aşyrmak, bu möhletde ýerine ýetirmegi
meýilleşdirilen  çäreler boýunça anyk işler etmek göz öňüne tutuldy. Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu tapgyr üstünlikli tamamlandy, şeýle-de
özüniň anyk netijelerini görkezdi. Şunuň netijesinde häzirki wagtda, ýokary okuw
mekdeplerinden başlap ähli bilim ojaklarynda, mekdeplerde, mekdebe çenli
çagalar edaralarynda bilim portallary ornaşdyrylýar. Elbetde, ol bilim işini
döwrebap gurnamaga, mazmun taýdan has baýlaşdyrylan bilim maglumatlaryny
internet-aragatnaşyk torlary arkaly bu ugruň ulanyjylaryna ýetirmäge hyzmat
edýär. Netijede, ýurdumyzyň köp ýerlerinde internetden peýdalanmak, kompýuter
arkaly sapagy guramak, uzak aralykdan sapaklara gatnaşmak ýaly birnäçe usulyýet
tejribeleri ulanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, sanly bilim
ulgamyny geljekde-de ösdürmek, onuň tapgyrlaryny durmuşa ornaşdyrmak, ösen
tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, tehnologiýalardan
ýerlikli peýdalanmaga amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tejribeleri dowamly
öwrenmek, dünýä derejesinde bu ugurda alnyp barylýan gündelik işlerden habarly
bolmak  üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de, bu Konsepsiýada ýaşlara bu ugurda
uly ynam bildirilip:«Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de
Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant
goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil
hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirki zaman
maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini
gazanmakdan ybaratdyr» diýip bellenilýär.

Baýramgeldi ANNAGYLYJOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.