“La Repubblica” gazeti respublikanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Dario Françeskiniň sözüne salgylanyp, Italiýanyň ýylyň ahyryna çenli daşary ýurtly syýahatçylar üçin öz serhetlerini açmajakdygyny habar berdi. Şeýle hem ministr serhetleri açmak kararynyň epidemiologik ýagdaýa bagly boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, onuň aýtmagyna görä, maý aýynda ýurtda käbir gözel ýerler we muzeýler açylyp bilner. Italiýadaky muzeýler diňe howpsuzlyk düzgünlerini üpjün edip biljekler tarapyndan açylar.

Mundan başga-da, ministr ozal hökümetiň Italiýanyň şypahanalarynda tomusky dynç alşy geçirmek üçin kömek pullary beriljek az girdejili maşgalalara goldaw berjekdigini hem-de içerki syýahatçylygy  goldajakdygyny aýdypdy. Kömek pulunyň mukdary her maşgala üçin 500 ýewro barabar bolar.

Ýeri gelende bellesek, Italiýa häzirki wagtda koronawirusdan iň köp zyýan çekýän ýurtlaryň biri bolup durýar.