Häzirki wagtda dünýäde ýaşaýanlaryň diňe ýarysy internete girip bilýär, emma ulanyjylaryň sany yzygiderli artar. Muny Google-yň Ukrainada telekeçiligi ösdürmek boýunça menejeri Andriý Radewiç Ukrainaly ýerli hünärmenleriň ilkinji onlaýn marafonynda aýtdy. Ol: “Internet ulanyjylarynyň sany azyndan iki esse artar. Häzirki wagtda planetamyzyň ýaşaýjylarynyň diňe ýarysy internetden yzygiderli peýdalanýarlar” diýdi.

Radewiç, internet ulanyjylarynyň iň köp sanynyň häzirki wagtda Aziýa degişlidigini aýtdy we munuň sebäbini onuň iň köp ilatly yklymdygy bilen düşündirdi, muňa garamazdan Aziýada internete baglanmagyň derejesiniň bary-ýogy 48%-e barabardygyny belledi. Onuň pikiriçe, ýakyn ýyllarda ol ýerde iň uly ösüşe garaşylýar.

Radewiç Ýewropada internete birikmegiň derejesiniň 78%-e barabardygyny, iň ýokary baglanyşyň Demirgazyk Amerikada (ABŞ, Kanada) bolýandygyny düşündirdi.