25-nji aprelde Golliwudyň meşhur aktýory Al Paçino özüniň 80 ýaşyny belledi. Ýubileý mynasybetli internet ulgamynda onuň ömür hem-de sungat ýoly baradaky habarlar, makalalar, söhbetdeşlikler giňden çap edildi.

Al Paçinonyň meşhurlygy, esasan, Mario Puzonyň Frensis Ford Koppola tarapyndan surata düşürilen “Godfather” romanynyň ekranlaşdyrylmagy bilen artýar. Heniz kän bir tanalyp barmaýan aktýor Maýkl Korleonyň roly ugrundaky göreşde Alen Delondan, Robert De Nirodan, Dustin Hoffmandan we Jek Nikolsondan öňe geçipdi. Al Paçino 60-dan gowrak filmde dürli jeşpleri janlandyrdy we dokuz gezek Oskara dalaşgär görkezildi. Ýöne ol bu baýragy diňe bir gezek – “Aýalyň ysy” filmindäki  pensiýa çykan kör podpolkownigiň roly üçin aldy.