Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda IRU-nyň bilermenleri ýük daşamalaryna degişlilikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri dogrusynda gürrüň etdiler hem-de şeýle meseleleri kadalaşdyrýan halkara hukuk resminamalary bilen tanyşdyrdylar. Bilermenler şonuň ýaly-da halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny – TIR-EPD berdiler, bu öz nobatynda harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriş amallary bolmak bilen, ol Internet tory arkaly amala aşyrylýandyr.

Gatnaşyjylar awtomobil ulaglaryny hem-de ýurdumyza girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.