Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň hüjümçisi Lionel Messi 1995-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli iň gowy futbolçylaryň sanawynda birinjiligi eýeledi. Sanaw “FourFourTwo” tarapyndan öňe sürüldi.
Sanawda ikinji orny Italiýanyň “Ýuwentusynyň” oýunçysy – bäş sany altyn pökgi bilen Messiden bir altyn pökgi yza galýan Kristiano Ronaldu eýeledi. Ilkinji üçlügi öň “Ýuwentusda” we “Real Madridde” oýnan Zinedin Zidan jemledi. Häzir ol soňky toparyň baş tälimçisi.
Dördünji ýer, bir wagtlar “Barselona”, “Real Madrid”, “Inter” we “Milanda” oýnan iki gezek dünýä çempiony Ronaldo berildi. Soňky 25 ýylyň iň oňat bäşinji oýunçy bir wagtlar “PSG”, “Barselona” we “Milan” toparlarynda oýnan Ronaldinýo boldy.
Iň oňat futbolçylaryň sanawy fransuz atleti Tierri Anri, ispanlar Çawi Ernandes we Andres Iniesta, şeýle hem italýanlar Paolo Maldini we Roberto Bajjo dagylar bilen tamamlanýar.