«Çelsi» toparynyň ozalky futbolçysy, Kot d'Iwuariýaly Didýe Drogba şahsy
gaznasyna degişli hassahanasyny koronawirusa diagnoz goýmak üçin gönükdirdi. Bu
barada L'Equipe-iň neşiri habar berýär.
Ozalky ýyldyz we tälimçi Laurent Pokunyň adyny göterýän lukmançylyk merkezi
Abijan şäherinde ýerleşýär.
«Bu haýyr-sahawat işi üçin Drogba minnetdarlygymyzy bildirýäris. Onuň
hereketlerini watançylykly hasaplamak bolar» – diýýär şäher häkimliginiň wekilleri.
Iň soňky maglumatlara görä, Afrikanyň Kot d'Iwuariýa döwletinde 916 adama
koronawirus ýokuşdy, olaryň 13-si heläk boldy.

«Newashgabat».