Zenidiň hüjümçisi Serdar Azmun iň ýakyn transfer penjiresinde toparyny üýtgedip
biler.
Mundan öň Napoli toparynyň 25 ýaşly eýranly türkmen futbolçy bilen
gyzyklanýandygy mälim boldy. Mundonapoliniň habar bermegine görä, Madridiň
Atletikosy hem oýunçyny öz toparyna almagy göz öňünde tutýar, transfer mukdary 25-30
million ýewro aralygynda bolup biler.
Azmunyň Zenit bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.
“Transfermarkt” portaly Azmunyň bahasyny 14,5 million ýewro diýip çaklaýar.
Dowam edýän möwsümde Azmun Zenidiň düzüminde ähli turnirde 29 oýun geçirdi,
14 gol we 7 asistlik netije görkezdi.

«Newashgabat».