Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIÑ) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplanylan işewürlik gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp, degişli ikitaraplaýyn şertnamalaryň çäklerinde dürli ulgamlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň ýokary netijeliligini nygtadylar.
Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen JBIÑ-niň arasynda nebitgaz toplumynyň, elektroenergetika we himiýa senagatynyň iri desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, soňky ýyllarda gol çekilen karz ylalaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Netijeli gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri barada onlaýn-pikir alyşmalar görnüşinde geçirilen wideoaragatnaşygyň barşynda Ýaponiýanyň bankynyň wekilleri täze ugurlarda taslamalar boýunça hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagyň mümkinçilikleri baradaky teklipleri öňe sürdi.
Bellenilişi ýaly, bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam berer.
Şunuň bilen birlikde, JBIÑ-niň maýa goýumlaryny goýmak arkaly ýapon kompaniýalarynyň dürli pudaklarda işewürlik mümkinçiliklerini döretmäge hem-de döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge çalyşýandygy bellenildi.