Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän işler barada pikir alşyldy.
Saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyş işleriniň düýpli güýçlendirilmegine gönükdirilmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak, häzirki zaman jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýäni we sporty, esasan-da, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek soňky ýyllarda geçirilen anyk çäreleriň hatarynda görkezildi.
Bu ulgamyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär — tutuş ýurdumyz boýunça iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary, şeýle hem derman senagatynyň täze desgalary guruldy, olarda ýerli çig malyň esasynda uly islege eýe bolan derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Brifinge gatnaşyjylar öz halkynyň saglygy hem-de beden taýdan kämillik meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, geljekde hem öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ähli güýçlerini hem-de bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.