Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Işjeňlik, oňyn ýagdaýda geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ozal gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki tagallalary jemlemegiň möhümdigine ünsi çekdiler.
Geňeşmeleriň barşynda mäkäm dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň iki ýurduň we tutuşlygyna sebitiň halklarynyň bähbidine geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.