Amerikanyň öňki dünýä çempiony syrly we birneme garaşylmadyk beýanat bilen çykyş etdi.
WBC super agyr agram derejesi boýunça öňki çempion Deontaý Waýlder, Taýson Fýuri-den alan ýeňilgisi barada aýtdy.
“Hawa, men rewanş duşuşygynda Fýury-ni ýeňmek pursatyndan mahrum boldum. Emma bu iş ýüzünde hiç zady aňladanok. Wagty gelende size bu ýeňlişimiň sebäplerini aýdaryn. Taýsonyň özi hem tutluşyk güni ringda hakyky Waýlderiň ýokdugyny gaty gowy bilýändir. 3-nji tutluşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýdi, Waýlder.
Ýatladyp geçsek, Deontaý Waýlder ilkinji ýeňlişini britaniýaly boksçy Taýson Fýuriden alypdy.

«Newashgabat».