Koronawirusynyň ýaýramagyna garşy göreşmekde iň işjeňleriň biri Bill Geýts, Skype arkaly «Financial Times»-a beren interwýusynda koronawirus epidemiýasy barada möhüm gürrüňler etdi. Geýts koronawirusynyň ýaýramagynyň adamlaryň durmuşynda başdan geçirip biljek iň uly wakadygyny belläp geçdi.
«Koronawirus ýaly uly epidemiýanyň her 20 ýyldan bir gezek bolup biler. Koronawirus epidemiýasy sebäpli sarp edilen pullar biziň ýüzbe-ýüz bolýan zatlarymyza seredende, ol pullar hiç zat bolup galýar. Indi adamlar ýagdaýyň çynlakaýdygyna düşünýärler, hökümetler bolsa ýagdaýy ozalky halyna getirmek isleýärler» diýdi, Bill Geýts.
Geýts koronowirus epidemiýasyny başdan geçiren ýurtlaryň gelejekde wiruslara garşy aýratyn taýýarlyk görjekdigini we öňünden duýduryş aýratynlyklaryna eýe boljakdygyny aýtdy.
Epidemiýa barada mundan ozal hem duýduryş beren Geýts, 2015-nji ýylda «Ted» guramasynda eden çykyşynda dünýäniň epidemiýa keseline taýyn däldigini aýdypdy. Koronawirus pandemiýasyna seredenimizde, Bill Geýtsiň mamladygyny görmek bolýar.

«Newashgabat».