Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz senagatyny kämilleşdirmek, önümçilige döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp düzmeleri ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologiki maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda düzgünleşdirilýär, bu gaznanyň işini we onda saklanylýan maglumatlary alyp barmagyň hem-de peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibiniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu taslamada, esasan, ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen geologik, geofiziki, gidro-geologiki işler, inžener-geologik gözlegler, geologik-surata düşüriş we beýleki geologik-gözleg işleriniň ähli görnüşleri boýunça hasabatlary umumylaşdyrmak we ulgamlaýyn esasda dolandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Geologiýa gaznasynda saklanylýan hasabatlary peýdalanmagyň, elektron göterijilerde ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.