Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma türkmen tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalygynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary çagyryldy.
Koreý tarapyna Koreýa Respublikasynyň Halkara Söwda assosiasiýasy we dürli ugurlarda işleýän kompaniýalary wekilçilik etdiler. Olar, hususan-da, nebitgaz, dokma, logistika, gämi gurluşygy we suw hojalygy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalar bolup durýar.
Işewürler geňeşi geçen ýylyň aprelinde döwlet sapary bilen ýurdumyza gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi.