Duşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň
häkimleri bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandarylan giň möçberli özgertmeler
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-
de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk meselelerine garady.
Maslahatyň barşynda degişli ýolbaşçylar ýerlerde alnyp barylýan işleriň
ýagdaýy, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly gurluşyk binalarynda alnyp barylýan işler,
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna guralýan çäreler hem-de tomusky
dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdiler.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «2020-nji ýyl —
Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş
ýörelgesi» şygary astynda welosipedli ýörişi hem-de uzak aralyga ylgamak
boýunça köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilleşdirilýändigi barada hasabat
berildi.
Şeýle hem şu günler sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy,
gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek, güýzlük ak ekinlere degişli derejede
ideg işlerini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berildi.