Platformanyň hem agzalyk ulgamy, hem-de agzalygy talap etmeýän göni bellik edip bolýan bölümi bar.

Tehnologiýanyň ösmegi bilen, köp ugurlarda onlaýn görnüşe geçilýär. Şolaryň biri hem, bellik programmasy bolan: AlotNote.
AlotNote näme?
2018-nji ýylda işe girizilen AlotNote-ny ulanmak üçin iki dürli wariant bar. Platformanyň hem agzalyk ulgamy, hem-de agzalygy talap etmeýän göni bellik edip bolýan bölümi bar. Bu ulgam AlotNote-ny beýlekilerden tapawutlandyrýan iň möhüm aýratynlyklaryň biridir. Sebäbi häzirki wagtda platforma ulanmagyň iň möhüm ölçeglerinden biri, ony ulanmak üçin näçe wagt tygşytlanýandygydyr. AlotNote-yň göni bellik alýan bölümi wagt çäklendirmelerini aradan aýyrýar. Aslynda, platformanyň agzasy bolmak hem ýönekeý. Sebäbi haýsydyr bir e-poçta salgysyny girizmek ýa-da işjeňleşdirme hatyna garaşmak hökman däl. Bellenen ulanyjy adyňyz we parolyňyz bilen, agzalyk amalyňyz 5 sekundyň içinde amala aşyrylýar.
Nädip ulanmaly?
Platformanyň agzasy bolanyňyzda, bellikleriňizi başlatmak bilen islän wagtyňyz ozal bellän bellikleriňize ýetip bilersiňiz. Edilmeli sanawlary döredip we bellikleriňizi islendik platformada paýlaşyp bilersiňiz. Bellikleriňizi beýleki adamlaryň islän wagty girip bilmez ýaly edip ýapyp hem bilersiňiz.
3 aý ýaly möhletiň içinde kämilleşdirilen programma Türkiýe, ABŞ, Ukraina, Alžir, Germaniýa, Gollandiýa ýaly ýurtlarda işjeň ulanylýar. Häzirki wagtda platformanyň 1000-e golaý agzasy, 3500-den gowrak edilen şahsy belligi bar. AlotNote döredilen gününden bäri 200 müňden gowrak görlendigini ýatladýarys.
Geljekde platformada galereýa saklamak, ikitaraplaýyn bellik ýöretmek, jikme-jik derňew goşmak ýaly aýratynlyklaryň goşuljakdygyny bellemelidiris.
«Newashgabat».