Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatda intellektual eýeçiligiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Wideomaslahatyň dowamynda Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň hukuk binýadyny giňeltmek, hususan-da, ýurdumyzyň körlere we görmek ýa-da beýleki ukyplary kemçilikli adamlar üçin çap edilen neşirlere ýeňillikleri döredip bermek hakyndaky Marrakeş ylalaşygyna goşulyşmak hem-de ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberýän edaralaryň hukuklaryny goramak hakyndaky Rim konwensiýasyna goşulyşmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary (rugsatnama, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşan, nusga) höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar.
Türkmenistan abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş işini alyp barýar.