Kataloniýanyň «Barselona» klubynyň ozalky meşhur oýunçysy Hawi Hernandesiň pikiriçe, Kristiano Ronaldonyň Ýuwentusa gitmegi La Liganyň meşhurlygyny gaçyrdy we käbir janköýerleri ynjalykdan gaçyrdy.
Al-Saadyň baş tälimçisiniň sözlerine görä, Ispaniýa çempionatyna Ronaldo kemterlik edýär:
«Elbetde, Ronaldonyň gitmegi La Liga ýaramaz täsirini ýetirmegini dowam edýär. La Liganyň meşhurlygy pese gaçdy we bu ýagdaý käbir janköýerleri ynjalykdan gaçyrdy.
Ronaldo bir möwsümde 40-50 pökgi geçirerdi. Real Madrid Ronaldosyzam güýçli, ýöne Kristiano – ýyldyz».

«Newashgabat».