Bahreýn Patyşalygy Covid-19-a ýolugan adamlary yzarlamak we olaryň izolirlenendigine göz ýetirmek üçin edýän tagallalaryna täze bir goşant goşdy. Bahreýn indi hassalary akylly goşara dakylýan elektronika arkaly yzarlaýar.
Bahreýn mobil programmasyny 31-nji martda çykardy we oňa «BeAware» diýip at berip, işleýiş ulgamyny Covid-19 bilen baglanyşdyrdy. «Information & eGovernment Authority» (iGA) tarapyndan işlenip düzülen bu ykjam programmany ulanmak hökmanydyr we düzgünleri bozan raýatlara gaty agyr jerimeler garaşýar. Aktiw näsag bilen gatnaşyga giren we karantinlenen her bir adam özüni izolirlemeli we programmany ulanmaly. Koronowirusyna uçran adamlardan başga-da, özlerini izolirlemek isleýän raýatlar hem ýüz tutmak arkaly bu akylly ulgama hasaba durup bilerler.
Näsaglaryň jübi telefonlary bilen Bluetooth arkaly baglanan elektronik goşarlyklar hassa öz telefonyndan 15 metr uzaklaşsa, duýduryş berip başlaýar. Gysgaça aýdanyňda, hatda kiçijik otagdaky hereketleri hem akylly bilek arkaly yzarlap bolýar.
Bu ýerde möhüm zat, hassalaryň izolýasiýasyny üpjün etmek we daşarky dünýä bilen gatnaşygy azaltmak. Telefonlary bilen yzarlaýan hassalar, programmany yzarlamak mehanizminiň kömegi bilen hassalaryň düzgünleri bozandyklaryna düşünmek mümkin.
Mälim bolşy ýaly, ozal Ysraýylyň öz raýatlarynyň pozisiýalaryna we hereketlerine eýermek üçin şuňa meňzeş ulgamy kabul etjekdigi aýdylypdy, ýöne käbir ýerde çynlakaý tankyda sezewar edilipdi. Bu ýerdäki mesele, Ysraýylyň kesel sebäpli däl-de, raýatlaryny yzarlamak maksady bilen bu tehnologiýany ulanyşa goýbermekçi bolandygy aýdylýar.

«Newashgabat».