«Bloomberg»-iň habaryna görä, «Apple» korparasiýasy şu güýzde 5G tehnologiýasynda dört sany täze smartfon çykarmagy, şeýle hem Pro modelleriniň dizaýnyny täzelemegi meýilleşdirýär.
Ondan öň «Nikkei Asian Review» gazeti koronawirus pandemiýasynyň global islege ýaramaz täsir edip biljekdigini we «Apple»-iň önümçilik tertibini bozup biljekdigini habar berdi. Şeýle hem beýanatda «iPhone 5G» smartfonlarynyň önümçiliginiň yza süýşürilip bilinjekdigi aýdylypdy.
Habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, «iPhone 11 Pro» we «iPhone 11 Pro Max»-yň yzyndan «Apple» güýzde ýene iki sany top model smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Olaryň dizaýny 2018-nji ýylda çykan «iPad Pro» modeline meňzär. Şeýle hem, «iPhone 11»-iň ýerine ýene-de arzanrak iki model hödürlenýär.
Bu iki «Pro» modeli 3-D LIDAR ulgamy, yzky paneldäki üç kamera we uly ekran bilen enjamlaşdyrylar.
Beýanatda täze modelleriň tanyşdyrylyşy adatdakysyndan bir-iki hepde soň bolup biljekdigi aýdylýar.
«Newashgabat».