«Apple» iň oňat we meşhur howa maglumaty programmalarynyň biri bolan «Dark Sky»-y satyn aldy. Öz aralaryndaky ylalaşygy «Apple» öz resmi sahypalarynda ýörite blok arkaly yglan etdi. Blogda, bu ylalaşygyň netijesinde «Dark Sky»-yň has köp adama ýetiriljekdigini aýtdy.
«Dark Sky» – iň gowy howa maglumaty programmalarynyň biri. Ulanyja howany aňsatlyk bilen almaga kömek etjek peýdaly dizaýny bolan programma, howa şertlerini minutma-minut habar berýär. Şol sebäpli-de, ol beýleki howa maglumaty maprogrammalaryndan tapawutlanýar.
«Apple»-iň «Dark Sky»-y satyn almagy «Android» ulanyjylary üçin erbet habar, sebäbi bu kompaniýa indi diňe iOS ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Şeýle-de bolsa, ozaldan «Dark Sky»-y ulanyp ýören «Android» ulanyjylary programmany 1-nji iýula çenli ulanyp bilerler.
«Apple»-iň «Dark Sky»-y satyn almagynyň aňyrsynda nämeleriň bardygyny çaklamak kyn däl. Ilki bilen, «Apple»-iň iOS-da ozal bar bolan howa maglumaty programmasy geçen ýyllaryň içinde azajyk gowulaşanam bolsa, köplenç dizaýn erbet hasaplanýardy. Mundan başga-da, beýleki howa programmalarynda tapyp boljak köp aýratynlyk ýok we alternatiwalar ýaly işlemeýärdi.
Şol sebäpden, «Apple» howa maglumaty programmasy «Dark Sky» bilen çalşyp, ony dürli programmalar bilen birleşdirip biler. Mysal üçin, howanyň ýagdaýyny görmek isleýän adamlar üçin, esasanam, «Apple Maps» peýdaly bolup biler. Şeýle hem, kompaniýa «Dark Sky»-y «Mail», «Safari» ýa-da beýleki programmalar bilen birleşdirmegi göz öňünde tutup biler. «Apple» ulanyjylary bu programma eýe bolmak üçin 3.99 dollar tölemeli bolarlar.
«Newashgabat».