Italýan futbol topary “Ýuwentusyň” metbugat gullugy koronawirus ýokaşan oýunçylarynyň saglygynyň dikeldilendigini klubuň resmi web sahypasynda habar berdi.
Goragçy Daniele Rugani we ýarymgoragçy Bleýz Matuidi COVID-19 üçin goşa synagdan geçdiler we netijede, olarda koronawirusyň ýokdugy anyklanyldy.
Daniele Ruganiniň Italiýada koronawirus ýüze çykarylan ilkinji futbolçy bolandygyny ýatladýarys. Şeýle hem “Ýuwentus” ýarymgoragçysy Bleýz Matuidi we hüjümçi Paulo Dybalada hem koronawitus alamatlary tapylypdy. Olaryň topara haçan dolanjakdygy häzirlikçe nämälim.
Mundan daşary, «Zenitiň» koronawirusy ýeňen futbolçy Daniele Ruganini satyn almak isleýändigi habar berilýär.