ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryşy (NASA) şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Ýere ýakynlaşjak 52768 (OR2 1998) äpet asteroidi yzarlaýar. NASA-nyň habaryna görä, asteroid sekuntda 8,7 km tizlik bilen planeta tarap hereket edýär. 29-njy aprelde asteroidiň şol bir tizlik bilen ýere ýakynlaşmagyna garaşylýar.
Agentligiň beýanynda: «Eger ol ýere gaçsa, global betbagtçylyk bolar» diýilýär.
Diametri 4 km-den gowrak bolan asteroidiň global weýrançylyga we siwilizasiýanyň çökmegine sebäp bolup biljekdigi çak edilýär.
Halkara astronomiýa toparynyň wekili Brýus Bettsiň pikiriçe, kiçi asteroidleriň diametri birnäçe metr bolup, köplenç atmosferada ýanyp, pytraýar we hiç hili zyýan bermeýär. Ýöne diametri 20 metrden uly bolsa, daşlar adamzada zyýanyny ýetirýär. NASA asteroid howpuny ýok etmek üçin kosmonawtlary ýollajakdygyny mälim etdi.
«Newashgabat».