Alymlar ýagyş damjasyndan elektrik energiýasyny almagyň täze usulyny oýlap tapdylar we görlüp-eşidilmedik netijä ýetdiler. Ýagny, 100 lampa ýakmak üçin bir damja ýagşyň energiýasy ýeterlikdir. Bu barada «Nature» žurnalynda habar berildi.
Hytaýly inženerler Amerikaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda geçirilen gözlegde, energiýa öndürýän enjam üçin täze interfeýs teklip edýärler.
Ýagyş damjalary generator plastinkasynyň üstüne düşüp, alýumin elektrod bilen indiý we kaliý oksidli elektrodyň arasynda suw köprüsini emele getirýär. Bu enjamda damjalar rezistor, gaplama bolsa kondensator hökmünde hereket edýär.
Taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, generatorda emele gelen dessine güýç, öňki synanyşyklardaky güýçlerden müňlerçe esse ýokarydy.
Alymlar wada berýärler, enjamyň iş ýüzünde ulanyljak prototipiniň ýakyn bäş ýylda taýýar boljakdygyny bilermenler belleýärler.
Geljekde islendik ýerden – jaýyň üçeginden, gäminiň korpusyndan ýa-da saýawana düşýän ýagyş damjalaryndan energiýa almak mümkin bolar. Ýylyň belli wagtlarynda güýçli ýagyş ýagýan sebitlerde energiýa almagyň bu usuly peýdaly bolup biler.
«Newashgabat».