Amerikaly alymlar howply çişleri FABP4-iň aşa köp bolmagy bilen baglanyşdyrdylar.
Iň köp ýaýran rak keseliniň ýüze çykmagynyň sebäbi anyklanyldy. Muny ABŞ-nyň Luizwil uniwersitetiniň alymlary hünärmen Bing Liniň ýolbaşçylygynda mälim etdiler. Toparyň ýolbaşçysy bu barlagy “Molekulýar lukmançylyk tendensiýalary” atly ylmy neşirde giňişleýin beýan etdi.
Mikrobiologlaryň pikiriçe, bedende ýagyň köp bolmagy döş mäziniň rak keselini emele getirýär. Bu bolsa ragyň iň köp duş gelýän görnüşidir. Ýörite beloklaryň öndürilmegi ragyň döremegine itergi berýär. Munda ýag dokumalarynda sintez edilen FABP4 belogy (fatty acid binding prproten) möhüm rol oýnaýar. Bu madda ýag kislotalaryny baglanyşdyrýar.
FABP4 ýag öýjükleri tarapyndan öndürilýändigi mälim. Bu madda az mukdarda gana geçýär. Howply çişde artykmaç belogyň toplanmagy bilen, köp sanly makrofag peýda bolýar. Şuňa esaslansak, eger-de belogyň işjeňligi basylsa, onda çişiň ösüşi haýallap başlamaly. Bu ýagdaýda hatda semizlik şol bir derejede galsa-da, bedene oňyn täsirini ýetirýär. Alymlar bu teoriýany haýwanlarda synap gördüler.
Gysgaça aýdanyňda, alymlar ganda FABP4-iň aýlanmagynyň döş mäzinde ragyň döremegine gönüden-göni täsir edýändigini bellediler. Bu amal zyýanly öýjükler bilen göni täsirleşmek bilen baglanyşyklydyr. Ýagny belok ýag öýjükleriniň we çişleriň özara täsirini höweslendirýär.