Dünýä belli Gün elektrik stansiýalarynyň gurluşygynyň hem öz taryhy bar.
Maglumatlara görä, 1913-nji ýylda ilkinji Gün elektrik stansiýasy Müsürde guruldy. Ol Müsüriň paýtagty Kairden 25 km uzaklykda, Maadi şäheriniň golaýynda ýerleşýär.
Bu täzeligi esaslandyryjy Amerikaly inžener Frank Şuman bolupdyr. Stansiýanyň bug hereketlendirijisini hereketlendirmek üçin 60 at güýjüne barabar kuwwatlylyk zerur bolup durýardy.
Şeýle-de bolsa, Birinji Jahan urşunyň başlanmagy bilen sebitdäki bidüzgünçilikler zerarly elektrik stansiýasy taşlandy. Soňra energiýa çeşmesi hökmünde has peýdaly hasaplanylýan nebit tapyldy. Ýurtda indiki Gün elektrik stansiýasy şondan laýyk 100 ýyl geçensoň guruldy.
2019-njy ýylda Şarm aş-Şeýhde Gün elektrik stansiýasy guruldy. Bu desga 5 MWt kuwwatlylygy we 2000 töweregi öýi elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler, şol bir wagtyň özünde kömürturşy gazynyň çykarylyşyny ýylda 3500 tonna çenli azaldar. Geljekde ähli Gün elektrik stansiýalar toplumlarynda 40 MWt elektrik öndürmek meýilleşdirilýär.

«Newashgabat».