“Karib deňziniň garakçylary” filmindäki Pinteliň roluny ýerine ýetiriji Li Arenberg Disneýiň altynjy bölümi surata düşürmek isleýändigini aýtdy. Bu barada ComicBook portaly habar berýär.
Aktýoryň sözlerine görä, kompaniýa “Karib deňziniň garakçylary” filminiň indiki bölüminiň surata düşürilişi barada soňky günler çynlakaý pikir alyşýar. Şeýle-de bolsa, onuň aktýorlar düzümi, düşüriljek ýeri häzire çenli nämälim. Hatda täze bölümiň düşüriljekdigi baradaky habary aýdan Li Arenbergiň özüniň hem filme düşüp-düşmejegi entek belli däl.
“Karib deňziniň garakçylary” – Disneýlendiň adynir attraksionyna esaslanýan başdan geçirmeler filmleri. Ýeri gelende ýatlasak, onuň soňky bölümi 2017-nji ýylda çykypdy.
Disneý häzirki wagtda “Robin Hud” multfilmini täzeden çykarmak bilen meşgullanýar.