Real Madridiň tälimçisi Zinedin Zidan, Alžirdäki keselhananyň koronawirusa garşy göreşmägine ýardam berdi.
Marca-da çykan habarlara görä, Zidanyň we kakasynyň degişli fonddan Bejaýa keselhanasyna lukmançylyk esbaplary sowgat edilipdir.
Zidanyň ene-atasy Alžirde uruş başlanda Bejaýadan Fransiýa göçüpdirler. Zidan Marselde dünýä inipdir.
Maglumat üçin, şu güne çenli Alžirde COVID-19-dan 313 adam öldi.

«Newashgabat».