«PlayStation 5» -iň çykmagyna müşderileriň garaşmaklary heniz dowam edýär, ýöne onuň nähili görnüşe eýe boljakdygy barada takyk maglumat ýok.
«PlayStation 5» -iň daşky görnüşi barada jikme-jiklikler entek açylmasa-da, onuň oýun dolandyryjysy hödürlendi. «DualSense» diýilýän joýstik, güýçlendiriji duýgy bilen tapawutlanar. Täze dolandyryjy DualSense-niň zarýad beriş görnüşiniň Type-C-digi äşgär bolsa-da, çalt zarýad beriş goldawynyň bardygyny ýa-da ýokdugy entek belli däl.
«PlayStation 5» -iň ýakyn wagtlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
«Newashgabat».