Hubble kosmos teleskopynyň 30 ýyllygy mynasybetli NASA-nyň web sahypasynda doglan senäňi girizmek arkaly, şol gün kosmosyň nähili ýagdaýda bolandygyny görkezjek bir hyzmat peýda boldy. Bu barada agentligiň metbugat gullugynda habar berildi.
Hubble teleskopy kosmosa uçurylan ilkinji uly optiki teleskop boldy. Ol 1990-njy ýyldan bäri Ýeriň pes orbitasynda ýerleşýär. Işläp başlanyndan bäri Işläp başlanyndan bäri Hubble galaktikalaryň, planetalaryň, ýyldyzlaryň we ümürlikleriň 1,5 milliona golaýyny surata düşürdi.
Indi hyzmat saýlanan senä üçin älemiň iň şowly suratyny taýýarlar.