Isanyň Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki Korkowado dagynda ýerleşýän meşhur heýkeline lukmançylyk işgärlerine minnetdarlyk hökmünde lukman ýektaýy geýdirildi. Bu çäre Pasha ýekşenbesinde, özem ýörite yşyklandyryş arkaly geçirildi. Şeýtmek bilen, guramaçylar pandemiýa döwründe çeken zähmetleri üçin bütin dünýäniň lukmanlaryna minnetdarlyk bildirdiler.
Ilki bilen Isanyň heýkelinde fonendoskoply ak eşik peýda bolýar, soňra bolsa ýadygärligiň düýbünde rus, iňlis, fransuz, nemes dillerinde we başga-da birnäçe dillerde «Sag bol!»sözi görünýär. Onuň yzysüre hem COVID-19 pandemiýasynyň häzirki wagtda iň köp täsir eden ýurtlarynyň: ABŞ-nyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň we Hytaýyň, şeýle hem Braziliýanyň öz milli baýdaklarynyň reňkleri proýektor arkaly şöhlelendirilýär.
Guramaçylar bu çäräniň ýer ýüzüniň halklaryna we lukmanlaryna COVID-19 pandemiýasyny ýeňip geçmekde uly ruhy goldaw boljakdygyna ynanýarlar.