Kanadanyň «Formula-1» Gran Prisi koronawirus pandemiýasy sebäpli näbelli möhletde yza süýşürildi – diýip, tapgyry guraýjylaryň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Kanada Gran Prisi 12-14-nji iýunda Monrealda geçirilmelidi. Kanadada «F-1» tapgyry üçin täze seneleriň birneme soňrak yglan ediljekdigi we ähli biletleriň öz güýjünde galjakdygy bellenildi. Kanada Gran Prisi çempionatyň senenamasyndaky beýleki birnäçe tapgyr ýatyrylandan ýa-da geçirilenden soňky ilkinji ýaryş bolmalydy.
«Krizis döwründe «Formula-1-de» gazanylýar ajaýyp başlangyçlara we tehniki üstünliklere buýsanýaryn. Häzirki wagtda COVID-19-y ýeňip geçmek üçin ähli güýçlerimiziň birleşmegi hökmanydyr. Biz sizi howp aradan aýrylandan soň Žil Wilnewa adyndaky trassada gujagymyzy giň açyp garşylarys» – diýip, Kanada Gran Prisiniň guramaçysy Fransua Dumontier aýtdy.
«Kanada Gran Prisinde soňky birnäçe hepdäniň dowamynda dostlarymyz bilen ýakyndan işleşdik. Janköýerleriň we «Formula-1» jemgyýetiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bu möhüm karary kabul edijileri doly goldaýarys» – diýip, seriýanyň ýerine ýetiriji direktory Çeýz Keri belleýär. «Elmydama ajaýyp Monreal şäherine syýahata sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we hemmämiz biraz garaşmaly bolsak-da, şu ýylyň ahyrynda bu ýere gelenimizde, ajaýyp tomaşa gurarys»- diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
«Formula-1-iň» täze möwsümi koronawirus sebäpli togtadyldy, çempionatda entek ýaryşlar geçirilmedi. Ondan öň «Formula-1-iň» ýerine ýetiriji müdiri Çeýz Keri koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli 2020-nji ýyl möwsüminiň senenamasynyň 15-18 tapgyra çenli azaljakdygyny aýdypdy.