Bu günki günde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän import önümleriniň ornuny tutaýan önümçilikleri ýola goýmak dňwletimiziň alyp barýan içeri we daşary, maliýe-ykdysady we söwda syýasatynyň esasyny düzýär. Bu ugurdaky alnyp barylýan giňmöçberli hem-de maksatnamalaýyn işleri has-da kämilleşdirmek bolsa döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda oba senagatyny, hususy pudaklary ösdürmek, türkmen telekeçileri tarapyndan dünýäniň beýleki ýurtlarynda öndürilýän önümler bilen bäsleşip biljek önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär.
Ata-babalarmyzyň “Halkyň ýaşaýşyny biljek bolsaň bazaryny synla” diýen pähimi bar. Ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, bazarlaryň işini kämilleşdirmek, ilata gündelik zerur harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy ugrunda hemme mümkinçiliklerden doly peýdalanyp, ilkinji nobatda halkymyzyň gündelik sarp edýän önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak işleri amala aşyrylýar. Bu azyk önümleriniň hemmesiniň diýen ýaly jennet Diýarymyzda öndürilmegi, bahalaryň elýeterli hem durnukly bolmagyna getirýär. Gözel ülkämizde azyk bolçulygy boýunça alnyp barylýan işlere gatnaşýan oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny öndürýän düzümleriň köpsanly bölümleri obasenagat pudagynda kiçi telekeçilige möhüm ornuň degişlidigini äşgär edýär. Telekeçiler bazaryň täze ugurlaryny ynamly özleşdirip, obasenagat toplumynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýan önümçilik tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Bu bolsa ilatyň dürli görnüşli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrýar.
Importyň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň azyk senagatyny has-da ösdürmegiň, ilatyň dürli görnüşli hem-de ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamany, şol sanda oba hojalygynda we azyk senagatynda taslamalary amala aşyrmak bellenildi. Şunda döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, ýagny bellenilen maksatlara ýetmek üçin döwletiň we telekeçileriň tagallalarynyň birleşdirilmegine möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň her welaýatynda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Şolar ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekden hem-de saýlama tohumlardan bolan ýaş mallary idetmäge, eti we et önümlerini satmak üçin taýýar et hem-de süýt önümlerine çenli gaýtadan işlemäge çenli doly önümçilik işini öz içine alýar. Şol önümleriň hatarynda peýnirleriň, şöhlatlaryň, süýdüň, gatygyň, gaýmagyň, ýogurdyň, mesge ýagyň dürli görnüşleri bar. Ýyladyşhana hojalyklary şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Şolarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň bökdençsiz we ýokary hilli önümçiligi ýola goýulýar.
Azyk senagatynyň ösüşini şertlendirýän beýleki ýagdaýlaryň hatarynda oba hojalygynda, gaýtadan işleýän we azyk senagatynda taslamalary maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine uly möçberi ýeňillikli karzlaryň berilmegi ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek we kämilleşdirmek, ilatymyzyň ýokary hilli we elýeterli bahalardaky harytlar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar, bolelin durmuş derejesini mundan beýläk-de has-da belende götermek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýokary depginlere, ösüşli hem-de özgerişli menzillere eýe bolýandygyny görkezýär.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.