Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan
ilkinji halkara ylmy-amaly onlaýn maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk
arkaly geçirilen çärä ýurdumyzyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň,
Rumyniýanyň we Wýetnamyň görnükli ylmy işgärleri, ýurdumyzyň we daşary
döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy.
Hususan-da, bu gezekki wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata
ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar
merkeziniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň wekilleri, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şertlerinde we bu abraýly
derejäniň tutuş dünýäniň ylmy bileleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň
yzygiderli pugtalandyrylmagyna edýän täsiriniň netijesinde, internetiň we sanly
tehnologiýanyň ösüşi maslahatda seredilen esasy meseleler boldy.
Ýaponiýanyň Kanagawa, Hirosaki, Tohoku uniwersitetleriniň, Bolgariýanyň
Angela Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň, Rumyniýanyň Buharest
politehniki uniwersitetiniň mugallymlary talyplar üçin wajyp mowzuklar boýunça
çykyşlary guradylar. Olarda kremniý karbidiniň nano gatlaklaryny almagyň we
ýarym geçiriji elektron gurallaryň önümçiliginiň tehnologiýasy, energetikada nano
serişdelerini ulanmak, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, daşky
gurşawy goramak we ekologiýa wezipelerini çözmek hem-de başga-da köp sanly
ugurlar boýunça robot tehnikasyny ulanmagyň usullary ýaly meseleler beýan
edildi.
Bilermenleriň pikirine görä, öňe sürlen taslamalar hem-de başlangyçlar
Türkmenistanda amala aşyrmak üçin döwrebaplaşdyrylar we uýgunlaşdyrylar.
Wýetnamyň Ho Şi Min adyndaky Halkara uniwersitetiniň hem-de Germaniýanyň
Leýbnis adyndaky kristallary öwrenmek ylmy-barlag institutynyň wekilleri
bilelikdäki barlaglar üçin uly geljegi bolan işläp taýýarlamalaryny görkezdiler.