Iňlis aktýory Rupert Grint we onuň söýgülisi Jorjiýa Grum ilkinji gezek ene-ata bolarlar: bu hoş habary çyparsaç ýyldyzyň wekili žurnalistlere buşlady.
Grint, köp seriýaly «Garri Potter» filminde jadygöý Ron Uizliniň roly bilen meşhur boldy. 31 ýaşly aktýor belli aktrisa Jorjiýa bilen 2011-nji ýyldan bäri halaşýar. 2019-njy ýylda bu jübütiň nikalaşjakdygy barada hem myş-myşlar döräpdi. Şeýle-de bolsa, olar henizem toý tutmadylar.
«Garri Potter» filminiň ýyldyzy Rupert Grint we Jorjiýa Grum bu hoş habary özleri hem tassykladylar: ýyldyzlar jübüti ilkinji çagalaryna garaşýarlar.
Ýakynda iňlis paparazzileri Londonyň köçelerinde gezip ýören aşyklary gördüler we aktrisanyň kamatyndaky häsiýetli üýtgeşmeleri gözden geçirdiler. Şondan soň Grintiň wekili MailOnline-de: «Rupert we Jorjiýa çaga garaşýandyklaryny mälim etmekden hoşal we bu döwürde şahsy giňişlige bolan hukuklaryna hormat goýulmagyny haýyş edýärler» – diýip, hoş habary paýlaşdy.
Häzirki wagtda, köp ýurtlarda bolşy ýaly, Angliýada hem öz-özüňi köpçülikden üzňeleşdirmek dowam edýär. Şonuň üçin ähli meşhurlar diňe aşa zerur ýagdaýlarda daşaryk çykmaga synanyşýarlar we şa aýal Elizaweta II-niň COVID-19-y ýeňjekdigi baradaky wadasyna ynanýarlar.