Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Şotlandiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen
awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa
karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 325 müň
dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we «Türkmenaglomerat»
kondisiýasyz polipropileni, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary
dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, haly önümlerini, pagta süýümini satyn
aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 166 müň manatdan gowrak boldy.