Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy
suw hojalyk toparynyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 78-nji
mejlisinde oňa gatnaşyjylar geçen ýylyň ösüş suwlary berilýän döwründe
suwuň sarp edilişiniň, şeýle hem 2020-nji ýyl üçin kesgitlenen suw gorlaryna
geçirilen seljermeleriň netijelerine garadylar we sebitiň esasy derýalarynyň
suw akabalarynyň iş tertibine çaklama berdiler.
Garalan meseleleriň hatarynda 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul
edilen Bilelikdäki Beýannama laýyklykda, Aral deňzi sebitinde ekologiýa, suw
hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge gönükdirilen möhüm
meseleler boýunça öňe sürlen teklipleriň we başlangyçlaryň ýerine ýetirilişini
ara alyp maslahatlaşmak ýaly wezipeler bar.
Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky
döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
AHHG-nyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň mejlisiniň
jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.