Geçirilýän senesi wagtlaýynça soňa süýşürilen Türkmenistanyň futbol
çempionatynyň oýunlaryna 19-njy aprelde badalga berler. Bu barada
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
Şol gün 4-nji tapgyryň çäginde “Altyn Asyr” – “Köpetdag” toparlary duşuşar.
20-nji aprelde bolsa duşuşyklaryň üçüsi (“Nebitçi” – “Energetik”, “Merw” –
“Aşgabat”, “Ahal” – “Şagadam”) geçiriler.
Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň 7 utuk toplan paýtagtymyzyň
“Köpetdag” toparynyň ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny eýeleýändigini
ýatladýarys.
Ýeri gelende bellesek, dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda
toparlaryň sekizisi (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”,
“Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýär.
Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 13-
nji iýuna çenli dowam eder.