Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusom, ştata telekeçi Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky Tesla kompaniýasynyň öýkene emeli howa berýän müňden gowrak enjam iberendigini aýtdy.
Mask mundan ozal şeýle enjamlaryň 1200-siniň öndürilendigini habar beripdi.
«Iki gün ozal Ilon Mask bilen gürleşdim. Ol hepdede müň enjam ýasaýandygyny aýtdy. Enjamlar häzirki wagtda Los Anjelese eltilýär we häzirki wagtda Maskyň özi enjamlary paýlamak üçin hassahanalar bilen işleşýär» diýip, Nýusom habarçylara beýanat berdi.
«Newashgabat».