Koronawirus pandemiýasy sebäpli häzirki wagtda Portugaliýada dynç alýan Ýuwentusyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Iňlis, Ispaniýa we Italiýa çempionatlarynyň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdi.
«Meniň pikirimçe, Ispaniýa garanyňda Italiýada futbol oýnamak has kyn. La Ligada toparlar köplenç açyk futbol oýnamagy saýlaýarlar we oýunçylar hem uly töwekgelçilik edýärler. Seriýa A-da bolsa ilkinji nobatda gorag, ondan soň hüjüm hakda pikir etse bolar. Angliýanyň Premýer-ligaasynda hem bäş möwsümi geçirendigim hakykat, ýöne Italiýada futbol oýnamak ol ýerden has kyn» diýip, Kristiano üç liganyň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdi.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli Italiýanyň A Seriýasynda we başga-da birnäçe futbol çempionatynda wagtlaýyn arakesmäniň yglan edilendigini ýatladýarys.
«Newashgabat».