Geçen anna güni Indoneziýada ýerleşýän Anak-Krakatau wulkany bir günde iki gezek kül sütünlerini sowurdy, bu barada ýurduň betbagtçylyklary azaltmak boýunça wulkanologiýa we geologiýa merkezi şenbe güni habar berdi.
Bu iki sowrulma takmynan bir sagat tapawut bilen ýüze çykdy – birinji kül sütüni 200 metre, ikinjisi 2,5 esse güýçli – beýikligi 500 metre ýetdi.
Wulkanologlar zyňyndylaryň 2018-nji ýylyň dekabry we 2019-njy ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, gaty bir güýçli däldigini bellediler. Şeýle-de bolsa, polisiýa işgärleri we harbylar wulkanyň golaýynda ýerleşýän şäherçeleri ewakuasiýa etmäge eýýämden taýyn.
2018-nji ýylyň ahyrynda Indoneziýanyň kenarlarynda güýçli sunami bolup, azyndan 430 adamyň ölmegine sebäp bolupdy, bir ýarym müňe golaý adam bolsa ýaralanypdy. Şol sunaminiň hem wulkan dagynyň işjeňligi sebäpli bolup biläýjek suwasty süýşmeleriň netijesinde dörändigi çak edilýär.
Anak-Krakatau, 1883-nji ýylda güýçli ýer titremesi bilen weýran bolan Krakatau wulkanynyň ýerinde peýda boldy. Soňra partlamanyň netijesinde 295 şäher we oba weýran boldy, 36 müňden gowrak adam öldi, ýüzlerçe müň adam öýsüz galdy. Ýer titremesi Sumatra we Ýawa adalarynyň kenarlaryny tanap bolmajak derejede üýtgedi.