Plastiki sowadyjylaryň ornuny tutmaga synanyşýan «Vericool» ep-esli maýa goýumyny alandygyny habar berdi. San-Fransiskoda Darrell Jobe tarapyndan 2015-nji ýylda esaslandyrylan «Vericool», umumy maglumatlara görä, 19,1 million dollar maýa goýumyny aldy.
Adaty gaplama materiallary barada aýdylanda, polistirol ýaly plastmassa materiallary hakda pikir edýäris. Bu ýagdaýy üýtgetmek we dünýäde plastmassanyň ulanylyşyny azaltmak üçin Vericool polistirol ýaly gaplaýyş materiallaryny ösümlik esasly izolýasiýa gaplaýyş materiallary bilen çalyşmak isleýär.
«Vericool» tarapyndan paýlaşylan maglumata görä, öndüriljek gaplama materiallary 100 göterim gaýtadan işlenen kagyz süýümlerinden we beýleki ösümlik esasly materiallardan ybarat bolar. «Vericool» tarapyndan öndürilen gaplama materiallarynyň gaýtadan ulanylyp bilinjekdigini ýatladalyň.
Kompaniýanyň paýlaşan maglumatlaryna görä, Radicle Impact Partners, The Ecosystem Integrity Fund, ID8 Investments we AiiM Partners ýaly şereketler 19,1 million dollarlyk maýa goýum syýasatyna gatnaşdylar. Ozal 2017-nji we 2018-nji ýyllarda hem maýa goýum alan «Vericool»-yň umumy maýa goýumlary 24 million dollardan geçdi. 19.1 million dollarlyk täze maýa goýum kompaniýany ösdürmek üçin ulanylar.

«Newashgabat».