La Liganyň prezidenti Hawier Tebas Ýewropadaky futbol möwsüminiň maý aýynyň ortalarynda täzeden başlamagyna umyt baglaýar.
«Häzir anyk bir zat diýmek kyn. Elimizde hiç hili meýilnama ýok, dogrusyny aýtmaly bolsa. Emma Ýewropa ligalary we Ýewropa kubok ýaryşlary maý aýynyň ortalarynda täzeden başlamaly. Aýratynlykda diňe Ispaniýanyň çempionatyny başlamak mümkin däl, bularyň hemmesiniň bilelikde başlamagy gerek. Hemme zat pandemiýanyň ýagdaýyna bagly bolar. Belki ýaryşlar has öňräk açylar, belli däl, ýöne şu aýdanym – biziň häzirki wagtda göz öňünde tutýan senämiz bolup durýar» – diýip, Tebas belleýär.
Ýewropa ligalarynyň tutuş yklymy gurşap alan koronawirus epidemiýasy sebäpli saklanandygyny ýatladýarys. Ispaniýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna bolsa ýene 11 tapgyr galypdy.